E-KİTABLAR


Ylma we bilime siňen ömü

Müəllif A.Ýazberdiýewiň
Nəşr olunduğu il 2014
Elm sahəsi 9
Nəşriyyat Ylym
Nəşr yeri Aşgabat

A.Ýazberdiýewiň. Ylma we bilime siňen ömü. Aşgabat, Ylym, 2014.

Kitap Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hakyky agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, ylymda we tehnikada at gazanan işgär, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi, professor Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewiň (1914-1981) ömrüne we döredijiligine bagyşlanýar. Onuň kärdeşleriniň we şägirtleriniň ýatlama makalalarynda B.A. Garryýewiň durmuşy we ylmy döredijilik ýoly, onuň belent adamkärçiligi dogrusynda gyzykly maglumatlar berilýär. B.A. Garryýewiň 600-den gowrak ylmy işleriniň doly sanawy alymyň giň erudisiýaly, zähmetsöýer, alymlar neberesiniň görnükli wekili hökmünde tanalandygyna şaýatlyk edýär. Akademik B.A. Garryýewiň Türkmenistanda ylmyň ösmegine düýpli goşant goşandygyna kitap bilen tanşanlar göz ýetirerler diýip umyt edýäris.